Türkiýäniň Waşingtondaky ilçisi Jo Baýdeni gutlady

Türkiýäniň Waşington şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Serdar Kylyç, ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti hökmünde kasam eden Jo Baýdeni gutlady

1568159
Türkiýäniň Waşingtondaky ilçisi Jo Baýdeni gutlady

Türkiýäniň Waşington şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Serdar Kylyç, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, düýn wezipä başlan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeni we Wise-prezidenti Kamala Harrisi gutlady. 

Serdar Kylyç beýanatynda: "Bu täze hökümet sebitleýin we halkara parahatçylyga we howpsuzlyga has gowy hyzmat bermek üçin täze hyzmatdaşlyklar üçin işe girişdi. ABŞ-nyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny güýçlendirmek ugrunda hem tagalla etjekdigine ynanýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar