Çawuşoglu, BMG-nyň Liwiýa Boýunça Ýörite Wekilligin Bellenen Kubisi Gutlady

Mewlüt Çawuşoglu BMG-nyň Liwiýa boýunça ýörite wekilligine bellenen Kubis bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1567097
Çawuşoglu, BMG-nyň Liwiýa Boýunça Ýörite Wekilligin Bellenen Kubisi Gutlady

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu BMG-nyň Liwiýa boýunça ýörite wekilligine bellenen slowakiýaly Žan Kubis bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Çawuşoglu telefon söhbetdeşliginde täze wezipesi bilen Kubisi gutlady.

2017-nji ýylyň iýun aýynda BMG-nyň Liwiýa boýunça ýörite wekilligine bellenen Gassan Selame, 2020-njy ýylyň mart aýynda saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden çekilipdi we 10 aýdan bäri bu wezipä hiç kim bellenmändi.

BMG-nyň Liwiýa boýunça ýörite wekilligine bellenen slowakiýaly Žan Kubis ozal BMG-nyň Liwan we BMG-nyň Yrak boýunça ýörite wekili wezipelerini ýerine ýetiripdi.



Degişli Habarlar