Prezident Erdogan: "Türkiýe sebitinde we dünýäde deňagramlylyklary kesgitlejek derejä ýetdi" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň sebitinde we dünýäde deňagramlylyklary kesgitlejek derejä ýetendigini habar berdi

1566702
Prezident Erdogan: "Türkiýe sebitinde we dünýäde deňagramlylyklary kesgitlejek derejä ýetdi" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň 7-nji nobatdak Düzje, Çorum, Amasýa, Bartyn we Karabük welaýat kongreslerine Stambuldaky Wahdettin köşgünden göni ýaýlym arkaly gatnaşdy. 

Prezident Erdogan, eden çykyşynda, has hem öňe gidişlik etjek, has köp hyzmat etjek, has uly taslamalary durmuşa geçirjek ädimleri etjekdiklerini habar berdi. 

Türkiýäniň howpsuzlykdan diplomatiýa çenli ugurlar boýunça uly özgertmeleri edendigini aýdan Erdogan: "Türkiýe şu günki gün indi sebitinde we dünýäde deňagramlylyklary kesgitlejek derejä ýetdi" diýip beýan etdi. 

Maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda edýän işlerini mundan soň hem dowam etdirjekdiklerini aýdan Erdogan: "Ykdysadyýetde we hukukda özgertme göçümlerimiz bilen bagly taýarlyklarymyz, raýatlaryň garamagyna hödürlemek tapgyryna gelip ýetdi" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #hukuk , #ykdysadyýet , #Erdogan

Degişli Habarlar