PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

1566163
PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

PKK-nyň obalyk ýerlerde iş alyp barandyklary barada maglumat alynan, biri 28 ýyl ozal, 2-njisi bolsa 22 ýyl ozal guramanyň düzümine goşulan 2 terrorçy, Şyrnak welaýatynyň Habur gümrük geçelgesinde Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Siirt welaýatynyň Respublikan Baş prokuraturasynyň buýrugyna laýyklykda kazyýet işleri başladyldy. 

Beýanatda: "Terror guramanyň agzalarynyň boýun egmekleri we özlerine garaşýan maşgalalaryna gowuşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen geçirýän işlerimiz tutanýerlilik bilen dowam edýär" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK

Degişli Habarlar