Türkiýede 800 Müň Saglygy Goraýyş Işgärine Sanjym Edildi

Türkiýe birnäçe hepde ozal sanjym tapgyryna başlan käbir ýurtlardan öňe geçdi

1566079
Türkiýede 800 Müň Saglygy Goraýyş Işgärine Sanjym Edildi

 

Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy başladylan sanjym tapgyry bilen, birnäçe hepde ozal sanjym tapgyryna başlan käbir ýurtlardan öňe geçdi.

Türkiýede Kovid-19-a garşy ilkinji sanjym 13-nji ýanwarda edildi. Sanjym tapgyry şol günden bäri güýçli depginde dowam edýär.

Ýurtda häzire çenli 800 müň saglygy goraýyş işgärine sanjym edildi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja mesele hakynda beren beýannamasynda Türkiýäniň Kovid-19-a garşy günde ortaça 1,5-2 million adama sanjym edip biljekdigini aýtdy.

ÝB-ne agza ýurtlarda bolsa koronawirus epidemiýasyna garşy dekabr aýynda başlan sanjym tapgyrynyň depgini diýseň ýuwaş.

Italiýada sanjym tapgyry 27-nji dekabrda başlady. 17-nji ýanwara çenli Italiýada jemi 1 million 153 müň 501 adama Kovid-19 sanjymy edildi.

Germaniýada 15-nji ýanwara çenli 1 million 50 müň adama sanjym edilendigi habar berildi.

Sanjym tapgyryna 27-nji dekabrda başlan Fransiýada häzire çenli diňe 422 müň 127 adama sanjym edildi.

Gollandiýada koronawirusa garşy sanjym tapgyry 6-njy ýanwarda başlady. Resmi görkezijilere görä 17-nji ýanwara çenli 55 müň adama sanjym edildi.

Sanjym tapgyryna 28-nji dekabrda başlan Belgiýada 16-njy ýanwara çenli 96 müň 402 adama sanjym edildi.

Britaniýada sanjym tapgyry 8-nji dekabrda başlady. Ýurtda 17-nji ýanwara çenli 3,8 million adama sanjym edildi.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #sanjym , #koronawirus

Degişli Habarlar