Türkiýe grek arhiýepiskopa reaksiýa bildirdi

Gresiýada arhiýepiskop Iýeronimosyň: "Yslam syýasy partiýa, musulmanlar bolsa söweşiji adamlar" hökmünde häsýetlendirmegi, reaksiýalaryň bildirilmegine sebäp boldy

1565539
Türkiýe grek arhiýepiskopa reaksiýa bildirdi

Türkiýe skandal beýanatlar sebäpli arhiýepiskopa reaksiýa bildirdi. 

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Iýeronimosyň telewideniýe kanallaryň birine beren beýanatynda, Yslam dini bilen baglanşykly beren çenden aşa sözleriniň berk ýagdaýda ýazgarylandygy mälim edildi. 

Beýanatda, Yslamyň tapawutly dinleriň we medeniýetleriň bir ýerde ýaşamagyny üpjün edýän tolerant düşünjäni we merhemeti esas alan parahatçylyk dinidigi bellenip: "Bütin dünýäniň başyndan geçirýän global koronawirus epidemiýa şertlerinde, her kimiň ikitaraplaýyn hormadyň we tolerantlylygyň özgerdilmegi ugrunda tagalla etmeli bolan mahaly, mukaddes dinimize dil ýetirilmegi gynandyryjy bir hereketdir" diýip bellendi. 

Beýanatda parahatçylyga hyzmat etmeli bolan din adamlarynyň bular ýaly esassyz sözleri bilen jemgyýetleriň arasyna duşmançylykly tohumlary sepelemeginiň gynandyryjydygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Arhiýepiskopyň beren beýanatynyň üsti bilen jemgyýeti Yslama garşy duşmançylyk we aşa hereketlere itermegi şol bir wagtda Yslamafobiýanyň ýeten derejesini görkezýär. Ýewropada artan rasizm, Yslam we daşary ýurt duşmançylygyň jogapkäri hem esasan hem şular ýaly erbet pikirlerdir. Deslapky gepleşikleriň taýarlyklarynyň geçirilýän bular ýaly günlerde, bular ýaly beýanatlarň berilmegi, şeýle hem manysyzdyr we gepleşikler tapgyryny ýok etmek bilen bagly betbagt bir ädim häsýetindedir" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar