Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 164 Boldy
Jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 270 müň 769 adama ýetdi.
1566137

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 164 boldy.
Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 24 müň 161 adama ýetdi.
24 sagadyň dowamynda 151 müň 342 adam testden geçirilip, ýene-de 749 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.
Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 862 adama ýetdi.
Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 7 müň 905 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 270 müň 769 adama ýetdi.
Degişli Habarlar

TBMM Şentop Ukraina Gurajak Resmi Saparyny Yza Süýşürdi
Mustafa Şentop, şehit esgeleriň jynazalaryna gatnaşjakdygy sebäpli yza süýşürdi