Türkiýe Sanjym Tapgyrynda İlkinji 10 Ýurduň Hatarynda

4 gününde 1 milliona golaý adama sanjym edilmegine garaşylýar

1565115
Türkiýe Sanjym Tapgyrynda İlkinji 10 Ýurduň Hatarynda

 

Türkiýe 2-3 günde täze görnüş  koronawirusa garşy eden sanjymlary bilen iň köp sanjym edilen ilkinji 10 ýurduň hataryna goşuldy.

Türkiýede 14-nji ýanwarda başlan sanjym tapgyry güýçli depginde dowam edýär.

Türkiýe 2-3 günde eden sanjymlary bilen birnäçe wagt ozal sanjym tapgyryna başlan Fransiýa, Daniýa we Argentina ýaly ýurtlardan öňe geçdi.

Türkiýe sanjym tapgyrynda dünýäde ilkinji 10 ýurduň hatarynda durýar.

Sanjymlar hepdäniň ahyrynda hem 81 welaýatda dowam edýär.

Şeýlelikde sanjym tapgyrynyň ilkinji 4 gününde 1 milliona golaý adama sanjym edilmegine garaşylýar.


Etiketkalar: #tapgyr , #koronawirus , #sanjym

Degişli Habarlar