Türkiýe, Indoneziýa Gynanç Bildirdi

Indoneziýanyň Mažene şäherinde 6,2 bal ululygynda ýer titremesinda 35 adam ýogaldy

1564467
Türkiýe, Indoneziýa Gynanç Bildirdi

 

Türkiýe, Indoneziýanyň halkyna we hökümetine şu gün bolan ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Şu gün Indoneziýanyň Mažene şäherinde bolan ýer titremesinde ýogalanlar we ýaralananlar üçin gynanç bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, “Ýer titremesinde ýogalanlara Alladan rehnet dileýaris. Ýer titremesinde ýogalanlaryň hossarlaryna, dost we doganlyk ýurt indoneziýanyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.

Indoneziýanyň Mažene şäherinde 6,2 bal ululygynda ýer titremesinda 35 adam ýogaldy.

Milli apatlar dolanşygy gullugyndan berlen beýannama görä, ýer titremesinde 637 adam hem ýaralandy.

Ýer titremesinden soň 15 müň adam howpsyz ýerlere göçürildi.



Degişli Habarlar