Prezident Erdogan: "Watan goragymyzy kiber watany hem öz içine aljak şekilde giňelderis" diýdi

Prezident Erdogan Watan goragyny kiber watany hem öz içine aljak şekilde giňeltjekdiklerini habar berdi

1564483
Prezident Erdogan: "Watan goragymyzy kiber watany hem öz içine aljak şekilde giňelderis" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Stambul şäherindäki Dolmabahçe köşgüniň Mirasdar otagynda Milli köşkler edarasynyň Surat heýkel muzeýiniň abatlaýyş işlerinden soň açylyş programmasyna gatnaşdy. 

Çykyşyny: "Jemgyýetleriň esasy baýlyklarynyň medeniýete goşan goşantlary bilen ölçelýär" diýip başlan Erdogan: "Soňky döwürde Seljukly we Osmanly binägärçiliginiň döwrebap bir görnüşi diýip häsýetlendirip biljegimiz täze bir binagärçilik usulyny ýurdumyzda ýerleşdirmäge synanyşýarys" diýip habar berdi. 

Erdogan: "Dünýäde syýasy we ykdysady güýç deňagramlylyklaryň täzeden şekillenýän bir döwüre girýän mahalymyz iň köp üstünde durmagymyz gerek ugurlaryň medeniýetdigine, bilimdigine we maşgaladygyna ynanýaryn" diýip mälim etdi. 

"Indi ýurtlaryň özygtyýarlylyk hukuklary fiziki serhetlerden zyýada, sanly dünýäde hüjüme sezewar bolýar" diýip bellän Erdogan: "Indi öňümizde täze bir eýýam başlaýar. Bu eýýamyň ady sanly eýýamdyr. Kiber watana eýe çykmagyň bir tarapyndan tehniki infrastruktura bar bolsa, beýleki tarapyndan kontent önümçiligi bar" diýip aýan etdi. 

Watan goragyny deňizde mawy watan bolşy ýaly, sanly dünýädede kiber watany öz içine aljak şekilde giňeltjekdiklerini aýdan Erdogan: "Öňümizdäki döwürde kiber watana, hem tehniki infrastrukturamyzy güýçlendirip hem-de ylhamyny öz medeniýetimizden alýan kontent önümçiligimizi artdyryp eýe çykmakda tutanýerlidiris" diýip habar berdi. 

Soňky ýyllarda Türk teleseriallaryna dünýä derejesinde bildirilýän gyzyklanmanyň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Öz taryhymyzy, medeniýetimizi görkezýän seriallarymyz dünýäniň dört künjeginde uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýän bolsa onda biz dogry ýolda barýarys diýmekdir" diýip beýan etdi. 


Etiketkalar: #Erdogan , #kiber , #Watan

Degişli Habarlar