Mewlüt Çawuşoglu, Azerbaýjanly Kärdeşi Jeýhun Baýramow Bilen Duşuşdy

“Parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin azerbaýjanly doganlarymyza goldaw bermäge dowam ederis”

1563295
Mewlüt Çawuşoglu, Azerbaýjanly Kärdeşi Jeýhun Baýramow Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy.

Çawuşoglu, düýn Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň ministrleriň hormatyna beren agşam naharyndan soň kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Baýramow, Mewlüt Çawuşoglu bilen bolan duşuşygy hakynda Twitterden beren habarnamasynda, kärdeşi bilen Daglyk Garabag bilen arabaglanşykly başdan geçirlen soňky wakalar hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Mewlüt Çawuşoglu hem habarnamasynda “Parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin azerbaýjanly doganlarymyza goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar