Çawuşogly Pakistana Saparyny Dowam Etdirýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Pakistana guraýan resmi saparynyň çäginde Sind ştatynyň Premýer-ministri Murad Ali Şa bilen duşuşdy

1563718
Çawuşogly Pakistana Saparyny Dowam Etdirýär

Twitter hasabynda habarnama beren Çawuşogly Türkiýäniň Karaçidäki Başkonsullygynyň binasynyň gurluşygyna beren goldawy üçin Şaha sagbolsun aýtdy.

Çawuşogly: “Karaçi türk maýasy üçin girelgedir. Ykdysadyýetdäki tejribelerimizi artdyrmak isleýäris” diýip ýazdy.

Sind ştatynyň gubernatory İmran İsmail bilen hem duşuşandygyny beýan eden Çawuşogly, başkonsullygyň binasynyň gurluşygyna berilen goldaw üçin minnetdarlyk bildirendigini nygtap: “Türk Magaryf gaznasy Sinddäki 6 mekdebi üstünlikli dolandyrýar we başgalaryny açmaga taýar. Bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygymyz dowam eder” diýdi.

Sindiň guberniýasyndan berilen ýazmaça beýannamada bolsa duşuşykda söwda, maýa goýum, ylym we tehnologiýa, bilim we medeniýet ugurlarynda özara hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşylandygy habar berildi.



Degişli Habarlar