"Ýurdumyz Tehnalogiýa Pudagy Bilen Brlikde Ähli Taraplaýyn Pajarlap Ösýär"

Mejlisiň Başlygy Şentop,Türkiýäniň dewrabap emeli hemrasy Türksat 5A-nyň üstünlikli ýagdaýda älem giňişligine uçurlandygyny belledi.

1559916
"Ýurdumyz Tehnalogiýa Pudagy Bilen Brlikde Ähli Taraplaýyn Pajarlap Ösýär"

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop üstünlik bilen älem giňişligine uçurlan Türkiýäniň döwrebap emeli hemrasy Türksat 5A hakynda Twitterden habarnama berdi.

Mejlisiň Başlygy Şentop, habarnamasynda, Türkiýäniň dewrabap emeli hemrasy Türksat 5A-nyň üstünlikli ýagdaýda älem giňişligine uçurlandygyny belledi.

Şentop “Jenap Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz tehnalogiýa pudagy bilen birlikde ähli taraplaýyn pajarlap ösýär we ösmäge dowam eder diýdi.

Türkiýäniň täze emeli hemrasy Türksat 5A Türkiýe wagty bilen 05:15-de Amerikanyň Florida ştatynda ýerleşýän Jape Janaweral bazasyndan üstünlik bilen älem giňişligine uçuryldy.



Degişli Habarlar