Mustafa Şentop Türkiýäniň harby tehnologiýasy bilen bagly beýanat berdi

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Türkiýe tarapyndan öndürilýän harby enjamlaryň we tehnologiýalaryň, dünýäde çaknyşyklaryň, söweşleriň konseptini üýtgetjek mümkinçiligi öz düzüminde jemleýändigini belledi

1560061
Mustafa Şentop Türkiýäniň harby tehnologiýasy bilen bagly beýanat berdi

TBMM-nyň ýer eýeçilik etmeginde, Stambul we Marmara uniwersitetleri tarapyndan bilelikde geçirilen "Günorta Kawkazda güýç deňagramlylyklary we Karabag meselesi sipmoziumy" atly maslahat Topkapy köşgi muzeýiniň Konferensiýa zalynda geçirildi. 

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda, Daglyk Garabag sebäpli 27-nji sentýabrda çaknyşyklaryň başlandygyny we 9-njy noýabrda Azerbaýjanyň beýik bir ýeňişi bilen tamamlanandygyny aýdan Mustafa Şentop, Türkiýäniň Azerbaýjanyň hakly dawasynda başyndan bäri ýanynda bolandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň Azerbaýjan bilen gazanan ylalaşyklaryna laýyklykda eýe bolan tehnologik mümkinçiliklerini we öndüren logistik mümkinçiliklerini hödürländigini aýdan Şentop: "Siriýada, Liwiýada, Azerbaýjandaky Daglyk Garabagdaky çaknyşykda örän anyk ýagdaýda ýüze çykan mesele, Türkiýäniň häzirki wagtda öndürýän harby enjamlary, tehnologiýasy dünýäde çaknyşyklaryň, söweşleriň konseptini üýtgetjek mümkinçiligi öz düzüminde jemleýär we Azerbaýjanyň üstünliginde hem bu mümkinçilikleriň, bu tehnologiýanyň örän täsirlidigini bütin dünýä kabul etdi" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar