Diýarbakyrda 258 esger Siriýa ugradyldy

Diýarbakyr welaýatyndaky 258 esger, dogalar bilen Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy bilen terrorçylardan saplanan Siriýanyň Ras-el-Aýn etrabyna ugradyldy

1558499
Diýarbakyrda 258 esger Siriýa ugradyldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň serhetaşa operasiýalaryna gatnaşmak maksady bilen Diýarbakyr welaýatyndaky 258 esger, dogalar bilen Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy bilen terrorçylardan saplanan Siriýanyň Ras-el-Aýn etrabyna ugradyldy.

Silwan etrabynyň Žandarma polkunyň komandiri polkownik Fatih Ýylmaz, geçirilen dabarada eden çykyşynda, watanyň topraklarynyň çäginde asudalyk we howpsuzlyk gurşawynyň üpjün edilmegi üçin alyp barýan işlerini indi ýurdyň durnuklylygyna wehim salýan terror howpuny ortadan aýyrmak maksady bilen Siriýanyň Ras-el-Aýn etrabynda dowam etdirjekdiklerini habar berdi. 

Gurhandan aýat-töwirlerň okalan dabaradan soň, maşgalalary bilen hoşlaşan esgerler Ras-el-Aýn etrabynda wezipe borjuny ýerine ýetiren Silwan 1-nji Žandarma komandos batalýonyndan wezipäni öz üstünlerine almak üçin dogalar bilen ugradyldy. 


Etiketkalar: #esger , #Siriýa , #Silwan , #Žandarma

Degişli Habarlar