Albaniýanyň Premýer ministri Türkiýä geldi

Albaniýanyň Prezmýer ministri Edi Rama Türkiýede saparda bolýar

1558666
Albaniýanyň Premýer ministri Türkiýä geldi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramany Ankara şäherindäki Beştepe köşgünde garşylady. 

Garşylamak dabarasyndan soň ikiçäk duşuşyk geçirilmäge geçildi. Erdogan we Edi Rama toparara gepleşiklerede ýolbaşçylyk ederler. 

Gepleşikleriň barşynda Türkiýe bilen Albaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar gözden geçiriler, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Mundan başgada sebitleýin we halkara meseleler babatynda hem pikir alyşylar. 

Geçiriljek gepleşiklerden soň, Prezident Erdoganyň we Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramanyň umumy metbugat ýygnagyny geçirmeklerine garaşylýar. 



Degişli Habarlar