“BioNTech” Bilen Türkiýede Bilelikdäki Önümçilik Üçin Gepleşik Geçiriler
Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank “BioNTech” firmasy bilen Türkiýede bilelikdäli önümçilik üçin gepleşik geçirjekdiklerini beýan etdi
1555449
Warank beren beýannamasynda Germaniýada BioNTejhiň” esaslandyry şärigi türk alymy Prof.Dr.Ugur Şahin bilen bilelikde sanjym öndürmek hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.
Türkiýänin bir tarapdan hem öz sanjymyny öndürmek üçin iş alyp barýandygyny nygtan Warank; “Bu epidemiýanyň uzak ýyllar dowam etjekdigini görýäris. Sanjymlama tertibini yglan eden ýurtlara ser salanymyzda dünýäniň ilatynyň uly bolmadyk böleginiň 2021-nji ýylda sanjymlanjakdygyny görýäris. Belki daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk ederis, emma öz samjymymyzyň bolmagyny isleýäris” diýdi.
“Gäzirki wagtda raýatlarymyzyň gyssagly sanjymlanmagy üçin iş alyp barýarys” diýen Warank, şonuň ýany bilen öz ýerli we milli sanjymymyzy öndürmek üçin hem ýokary depginde işleýäris” diýdi.