Ylmy Geňeş Koronawirus Sanjymy Boýunça Ýörite Maslahat Geçirdi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja maslahatdan soň beýannama berdi

1555007
Ylmy Geňeş Koronawirus Sanjymy Boýunça Ýörite Maslahat Geçirdi

Ministr Koja: “Alynmaga başlanan sanjymyň bir bölegi şu gün ýurdumyza getirilip, Ministrligimize gowşuryldy. Sanjymlama maksatnamasy başlandan soň ediljek başlangyçlar we sanjymda kimleriň ileri tutuljakdygy Ylmy geňeşimiz tarapyndan kesgitlendi. Bu strategiýanyň birinji basgançagyna degişli bolan saglygy goraýyş gullukçylary we garrylar öýlerinde ýaşaýanlar birinji nobatda sanjymlanar. Epidemiýanyň ýokaşma tizliginiň gowşamagy sebäpli sanjymyň 28 gün ara bilen iki doza görnüşinde edilmegi makullandy” diýdi.



Degişli Habarlar