Izmir welaýatynda 187 bosgun saklandy

Çeşme etrabynyň portyna getirilen bosgunlar deslapky işlerden soň Izmir welaýat Migrasiýa edarasyna gönükdirliljekdigi habar berildi

1554686
Izmir welaýatynda 187 bosgun saklandy

Izmir welaýatynyň Çeşme etrabynyň suw giňişligindäki gämileriň birinde 187 bosgun saklandy, bosgunlary bikanun ýagdaýda daşary ýurda çykarmak islän daşary ýurdyň raýaty bolan 2 adam göz tussaglygyna alyndy.  

Alynan maglumata görä, Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar, Izmir welaýatynyň Çeşme etrabynda söwda gämileriniň birine garşy operasiýa geçirdi. 

Operasiýanyň netijesinde Italiýa gitjekdikleri kesgitlenen 187 bosgun bilen, olary bikanun ýagdaýda daşary ýurda çykarmak islän daşary ýurdyň 2 raýaty saklandy. 

Çeşme etrabynyň portyna getirilen bosgunlar deslapky işlerden soň Izmir welaýat Migrasiýa edarasyna gönükdirliljekdigi habar berildi. 



Degişli Habarlar