Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 254 boldy

1551449
Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 19 müň 115 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 195 müň  675 adam testden geçirilip, ýene-de 3

müň 218 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 18 müň 102 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 33 müň 985 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 1 million 935 müň 292 adama ýetdi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Ylmy geňeşiň maslagahatyndan soň beren beýannamasynda Hytaýdan alynjak sanjymyň ýekşenbe güni gije ugradyljakdygyny aýtdy.

Şol sanjymyň türk raýatlaryna peydalydygyny kesgitländiklerini aýdan ministr Koja, birinji tapgyrda 9 million raýatyň sanjymlanmagynyň maksat edinilýändigini aýtdy.

Ministr Koja ýerli sanjymda netijeli barlaglaryň dowam edýändigini hem mälim etdi.



Degişli Habarlar