Prezident Erdogan ÝB Geňeşiniň Başlygy Mişel Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

"Türkiýe hökmünde ÝB bilen täze sahypa açmak isleýäris"

1546259
Prezident Erdogan ÝB Geňeşiniň Başlygy Mişel Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel, ÝB-niň liderler sammiti hakynda maglumat bermek we pikir alyşmak üçin Prezident R. T. Erdogana telefon etdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň geljegini ÝB bilen birlikde gurmagy maksat edinýändigini nygtap, Türkiýe-ÝB gatnaşyklary baradaky her bir oňyn başlangyjy täze pursat hökmünde görýändiklerini belledi.

Türkiýe hökmünde ÝB bilen täze sahypa açmak isleýändiklerini emma kimdir biriniň yzygiderli ýagdaýda bökdençilik emele getirmek üçin tagalla edýändigini aýdan Erdogan, Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň gysga wagtda şol bökdençlikleriň hötdesinden gelmelidigini nygtady.

Erdogan, Türkiýäniň Gresiýa bilen geňeşmelere ýaňadandan başlamaga taýardygyny birnäçe gezek nygtandygyny emma grek tarapynyň dürli bahanalar bilen gepleşiklerden gaça durýandygyny we soňky hepdelerde  meçew beriji hereketler edendigine ünsi çekdi.

Türkiýäniň bolsa diňe adalatly syýatsat alyp barýandygyny aýdan Prezident Erdogan, Gündogar Ortaýer deňizi meselesine hem Türkiýaniň oňyn çemeleşýändigini we bu meselede halkara konferensiýasynyň geçirilmegini teklip edendigini ýatlatdy.

Erdogan Kipr adasynda adalatly we yzygiderli çözgüt üçin diňe türk tarapynyň tagalla edýändigini belledi.

Prezident Erdogan, Liwiýa, Siriýa, Daglyk Garabag ýaly ÝB tarapyndan esasy mesele hökmünde görülýän ugurlaryň hiç biriniň Türkiýe-ÝB gatnaşyklary bilen arabaglanşykly bolmandygyny, şol ugurlarda maksatlarynyň umuman biri-birine gabat gelýändigini nygtady.

Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň soňky 2 ýylda gurama agza käbir ýurtlaryň bähbidine baglydygyna ünsi çeken Erdogan, gatnaşyklaryň haýsydyr bir ýurduň däl eýsem özara bähbide esaslanmagyny arzuw edýändigini belledi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar