Mustafa Al Kazymi Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geler

Yragyň Premýer-ministri Mustafa Al Kazymi Prezident R.T.Erdoganyň resmi çakylygyna laýyklykda 17-nji dekabrda Türkiýä geler

1546399
Mustafa Al Kazymi Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geler

Kazymi paýtagt Ankaradaky duşuşyklarynyň çäginde Prezident kompleksinde döwlet Ýolbaşçysy Erdogan bilen duşuşar.

Iki ýurduň arasynda ähli ugurlardaky gatnaşyklaryň depginini güýçlendirmegine garaşylýan saparyň dowamynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň Yrakdaky pozisiýasynyň gün tertibine geljekdigi we Kazyminiň terror guramasynyň Yrakdan doly ýok edilmegi hakyndaky Sinjar ylalaşygynyň iş ýüzüne geçirilmegi boýunça ýetilen soňky sepgit barasynda maglumat berjekdigi mälim edilýär.

Saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň artdyrylmagy we türk firmalarynyň terror guramasy DAİŞ-den zyýan çeken ýerleriň gaýtadan dikeldilmeginiň çäginde Yrakdaky maýa goýum taslamalary hem ara alynyp maslahatlaşylar.

Yragyň Premýer-ministri Kazyminiň Ankara gurajak sapary iş başyna gelmeginden soňky ilkinji sapary.

Yragyň Türkiýedäki Ilçisi Hasan Jenabi 13-nji dekabrda Yragyň resmi gazet “Sabaha” beren beýannamasynda Kazyminiň Prezident R.T.Erdoganyň çakylygyna laýyklykda ýokary derejeli wekiliýet bilen Ankara gurajak saparynda iki ýurduň arasynda howpsyzlyk we ykdysady ugurlary ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýdypdy.

Jenabi: “Premýer-ministr Kazymi duşuşyklarynda terrorçylaryň serhetden geçmeginiň öňüni alynmagy we olara garşy bilelikde göreş bilen 15 milliard dollara barabar bolan söwda mukdarynyň artdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşar. Saparyň dowamynda suw meselesi, serhet howpsyzlygy we nebit eksporty boýunça pikir alyşylar” diýipdi.

Ilçi Jenabi Yrak bilen Türkiýäniň arasyndaky Ýokary strategik hyzmatdaşlyk Geňeşiniň hem işe girişjekdigini nygtapdy.

 



Degişli Habarlar