ABU-nyň Başlyklygyna Ibrahim Eren Saýlandy

Eren 271 agzanyň bir agyzdan ses bermegi netijesinde saýlanan wezipesini 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli ýerine ýetirer

1546545
ABU-nyň Başlyklygyna Ibrahim Eren Saýlandy

Aziýa-Ýuwaş Umman Ýaýlym Bileleşiginiň Baş assambleýasynda geçirilen başlykly saýlawynda Türkiýäniň radio-telewideniýe guramaynyň dolandyryjylar geňeşiniň Başlygy we baş Müdiri Ibrahim Eren bir agyzdan ABU-nyň başlyklygyna saýlandy.

Wiýetnamyň paýtagty Hanoýda geçirilmegi meýilleşdirilen ABU-nyň 57-nji Sessiýasy we maslahatlary koronawirus sebäpli onlaýn platformada geçirildi.

ABU-nyň 57-nji Sessiýasynyň başlyklyk saýlawyndan soň TRT-nin baş Müdiri Ibrahim Eren bir agyzdan Başlyklyga saýlandy. Eren 72 ýurtdan 271 agzasy bilen dünýäniň esasy ýaýlym bileleşigi bolan ABU-nyň başlyklygyna Türkiýeden saýlanan ilkinji ýolbaşçy. Eren 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli ABU-da başlyklyk eder.

Ibrahim Ereniň ABU-nyň başlyklygyna saýlanmagynda baş müdirligi döwründe TRT-niň günsaýyn artan üstünligi, daşary ýurtlarda seslenme döreden çäreleri bilen tapawutly dillerde berilýän netijeli ýaýlymlarynyň paýy uly.

ABU-nyň başlyklygyna saýlanmagyndan soň beýannama beren Eren, dünýäniň esasy ýaýlym bileleşigine şeýle uly goldaw bilen başlyk saýlanmagynyň buýsandyryjydygyny belläp: “Bu üstünlik ýurdumyzyň güýjünden we TRT-niň halkara arenasyndaky pozisiýasyndan gözbaş alýar. ABU-nyň ähli agzalaryna we işdeş ýoldaşlarymya sagbolsun aýdýaryn. Düşümli bolsun” diýdi.



Degişli Habarlar