Ýerli Sanjymda 1-nji Tapgyr Işleri Tamamlandy

"Üstümizdäki aýyň ahyryna çenli 2-nji tapgyr işlerine başlamagy meýilleşdirýäris”

1545361
Ýerli Sanjymda 1-nji Tapgyr Işleri Tamamlandy

 

Dünýäniň çar tarapynda täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym taýarlamak işleri güýçli depginde dowam edýär.

Türkiýäniň koronawirusa garşy oýlap tapan ýerli sanjymynda 1-nji tapgyr işleri tamamlandy.

Kaýseri Erjiýes uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Mustafa Çalyş, sosial mediadan beren habarnamasynda ýerli sanjymyň 1-nji tapgyr işlerinde haýsydyr bir ýaramaz täsiriň görülmändigini aýtdy.

Çalyş “Kowid-19-a garşy uniwersitetimiz tarapyndan oýlanyp tapylan we Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan goldanýan ýerli sanjymymyzyň 1-nji tapgyr işleri şu gün dolulygyna tamamlandy. Sanjymyň ýaramaz täsirini görmedik. Inşalla şeýle dowam eden halatynda üstümizdäki aýyň ahyryna çenli 2-nji tapgyr işlerine başlamagy meýilleşdirýäris” diýdi.

Ýerli sanjymyň 1-nji tapgyrynda birinji doza meýletinlere 5-nji noýabrda, ikinji doza bolsa 26-njy noýabrda urlupdy.

 

 



Degişli Habarlar