Mewlüt Çawuşogly Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly: "Gündogar Ortaýer deňizindäki haklarymyzdan we bähbitlerimizden ýüz öwürmegimiz mümkin däldir" diýip belledi

1545553
Mewlüt Çawuşogly Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde eden çykyşynda: "Şu gün Türkiýe bolmadan we Türkiýä garamazdan Siriýa, Gündogar Ortaýer deňizi, Kawkazlar, Owganystan we Yrak ýaly meselelerde göçüm edilip bilinmeýän bolsa, bu işjeň daşary syýasatyň netijesidir. Gündogar Ortaýer deňizindäki haklarymyzdan we bähbitlerimizden, bize sanksiýa goýular diýip ýa-da ÝB bizi tankyt eder diýip biziň ýüz öwürmegimiz mümkin däldir" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Biz indi Türkiýe hökmünde oýuny düzýän tarap, emma gerek bolan mahaly ýurdumyzyň bähbitlerine garşy oýnalýan oýunlary hem bozýarys. Güýçli bolmaga we öz hekaýamyzy ýazmaga mejburdyrys" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar