Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde tebigy baýlyklaryň adalatly paýlaşylmagynyň tarapdary

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki tebigy baýlyklaryň adalatly paýlaşylmagynyň tarapdarydygyny beýan etdi

1540968
Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde tebigy baýlyklaryň adalatly paýlaşylmagynyň tarapdary

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Halkara uniwersitetler Geňeşi we Ortaýer deňizi uniwersiteti tarapyndan geçirilen "Gündogar Ortaýer deňiz seminarynda" eden çykyşynda, Türkiýäniň, Gündogar Ortaýer deňizindäki ähli baýlyklaryň her kim tarapyndan adalatly ýagdaýda paýlaşylmagy, sebitiň parahatçylyk, asudalyk we durnuklylyk sebiti bolmagy üçin çagyryş berýändigini habar berdi. 

Türkiýäniň çagyryşlaryna garamazdan birtaraplaýyn işleriniň dowam edýändigine ünsleri çeken Çawuşogly, sebitdäki meseläniň Gresiýanyň maksaimalist çemeleşmesinden gözbaş alýandygyny aýan etdi. 

Şol sebäpli Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Ýewropa Bileleşigine umumy maslahatyň geçirilmegi barada teklip hödürländigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Diňe Gündogar Ortaýer deňizi däl, diňe Ortaýer deňizine kenardaş bolan ýurtlar däl, eýsem bu sebitde kärhanalary iş alyp barýan ýurtlaryň hem gatnaşmagyny teklip etdik. Meýdanda we gepleşiklerde Liwiýada, Gündogar Ortaýer deňizinde örän güýçlidiris diýip, dolulygyna biz isleýäris pozisiýasynda däldiris. Ermenistanyň territoriýasynda gözümiz ýok. Indi bu kadalaşma etaby Ermenistanyň halkynyň hem peýdasyna bolar. Şol sebäpli biz adalatly paýlanşygyň tarapdaryrdyrys. Adaty ýagdaýdada hukuk taýdan hem güýçlidiris we bu güýjümizi öňümizdäki etapda her kimiň peýdasyna boljak ýagdaýda ulanmaga dowam ederis" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar