Türkiýäniň we Kataryň harby resmileri harby hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar

Duşuşyga Kataryň Ýaragly güýçleriniň ýokary derejeli resmileri hem gatnaşdy

1538677
Türkiýäniň we Kataryň harby resmileri harby hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar

Türkiýäniň Baş ştabynyň Işgärler bölüminiň başlygy Selçuk Baýraktarogly, Kataryň Baş ştabynyň başlygy Ganim bin Şahin al-Ganim bilen Kataryň paýtagty Doha şäherinde duşuşyk geçirdi. 

Kataryň resmi agentligi QNA-da berilen habara görä, resmi sapar bilen Kataryň paýtagty Doha şäherine giden Selçuk Baýraktarogly, Kataryň Baş ştabynyň başlygy Ganim bin Şahin al-Ganim bilen duşuşyk geçirdi. 

Resmiler Katar bilen Türkiýäniň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny we şol gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşyga Kataryň Ýaragly güýçleriniň ýokary derejeli resmileri hem gatnaşdy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Katar-Türk birleşen bilelikdäki güýç serkerdeliginde iş alyp barýan harbylaryň, Kataryň Ýöriteleşdirilen serkerdeliginde iş alyp barýan desant güýçlere harby tälim berýändigini aýan edipdi. 


Etiketkalar: #Baş Ştab , #Türkiýe , #Katar

Degişli Habarlar