“Waşington Post” Gazeti, Türk Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglary Hakynda Öwgüli Sözler Ýazdy

Azerbaýjanyň Ermenistany ýeňmeginde ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň uly rol oýnandygyna üns çekildi

1537626
“Waşington Post” Gazeti, Türk Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglary Hakynda Öwgüli Sözler Ýazdy

 

Amerikan “Waşington Post” gazeti, Türkiýäniň milli mümkinçilikleri bilen öndüren ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen söweş meýdanlarynda uly ýeňişleriň gazanylandygyyn ýazdy.

Gazet, Türkiýäniň, Liwiýadaky içerki urşuň netijesini özgerdendigini, Siriýanyň hökümetiniň hüjümlerini bes etmegine sebäp bolandygyny nygtady.

Idlibde ynsanperwer kömekleriniň öňüniň açylmagynda we Azerbaýjanyň Ermenistany ýeňmeginde hem ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň uly rol oýnandygyna üns çekildi.

Makalada, ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň söweşlerdäki netijesi sebäpli Prezident R. T. Erdoganyň ABŞ-nyň sanksiýa hemlesine gulak asmandygy “Hiç kime tabyn bolmarys” diýendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar