Mewlüt Çawuşogly TRT World Forumda Irini operasiýasynyň üstünde durup geçdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Irini operasiýasynyň Türkiýä garşy bir enjam hökmünde ulanylýandygyny belledi

1538403
Mewlüt Çawuşogly TRT World Forumda Irini operasiýasynyň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, TRT World Forum 2020-niň çäginde geçirilen maslahatlaryň birinde eden çykyşynda, geosyýasy meselesi bolan mahaly, onuň döwletara gatnaşyklaryň hemişelik bir hakykatdygyny belläp: "Birnäçe aktýor sebitimizi işjeň ýagdaýda durnuksyzlaşdyrýar. Türkiýe şol hereketlere garşy pozisiýa eýelemekde möhüm rol oýnaýar" diýip nygtady. 

Gündogar Ortaýer deňizinde Gresiýanyň we Kipriň Grek böleginiň birtaraplaýyn häsýetde we maksimalist pozisiýalaryny durmuşa geçirmäge çalyşýan mahaly Türkiýäniň, esasy meselesiniň DKTR bilen birlikde Türkiýäniň hukuklaryny goramakdygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Bu agzalaryň milletçi gün tertibini goldamak üçin ÝB-niň raýadaşlygynyň nähili ýagdaýda hyýanatçylykly peýdalanylýandygyny ýygy-ýygydan görýäris. Soňky wagtlarda Irini operasiýasy, Türkiýä garşy bir enjam hökmünde ulanyldy. 22-nji noýabrdaky operasiýa, biziň rugsadymyz bolmadan, Türkiýäniň baýdagyny göterýän söwda gämisine operasiýa guraldy. Bu halkara hukugyň açyk ýagdaýdaky bir düzgün bozmasydy. Ekipažyň agzalaryna erbet daraldy we biynjalyk edildi. 11 sagat dowam eden barlaglaryň netijesinde, gämide ýarag embargosyna ters hiç zat tapylmady. Bu bikanun aksiýany berk ýagdaýda ýazgarýarys. Jogap bermek üçin elimizdäki kanuny we hukuk taýdan ýüz tutma hakymyzy özümizde saklaýarys. Islendik ýagdaýda Gündogar Ortaýer deňizinde dialoga we hyzmatdaşlyga taýardyrys. Şol sebäpli Kiprli türkler bolmak bilen kenardaş ýurtlaryň gatnaşmagynda bir Gündogar Ortaýer deňizi sebitleýin konfrensiýasynyň geçirilmegi barada çagyryş berýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar