Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Raýburn Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň çaknyşyksyz zolak meselesinde tutanýerlidigi nygtaldy

1538434
Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Raýburn Bilen Duşuşdy

 

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn, ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Raýburn bilen duşuşdy.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, Beştepe kompleksinde bolan duşuşykda, Idlib meselesiniň başda durmagynda Siriýa krizisi, syýasy etap we konstitutsiýa komitetiniň işleri bilen birlikde terrora garşy göreş we bosgunlar meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň tarapdarlarynyň hüjümlerine we ylalaşygy bozýandyklaryna garamazdan Türkiýäniň çaknyşyksyz zolak meselesinde tutanýerlidigi nygtaldy.

Täze krizisiň we täze göç tolkunyň öňüniň alynmagy meselesinde Türkiýäniň öz üstüne alan jogapkärçiligine üns çekildi we 5-nji mart ylalaşygynyň goralyp saklanmagy üçin Türkiýäniň edýän tagallasyna halkara jemgyýetçiliginiň goldaw bermelidigi bellenildi.

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Siriýa , #Ibrahim Kalyn

Degişli Habarlar