Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Owganystanda düýn guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1536440
Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Gazna welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümde aglabasy howpsyzlyk güýçlerinden bolan köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu elhenç hüjümi ýazgarýarys. Hüjümde ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara şypa, dost we doganlyk Owganystanyň halkyna we hökümetine bolsa gynanç bildirýäris. Owganystanda parahatçylyk bilen bagly tagallalaryň üstünlikli netijelenmegi üçin köptaraplaýyn we iň gysga wagtda ylalaşygyň ýola goýulmagy baradaky çagyryşymyzy ýaňadandan belläp geçýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar