Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 188 boldy

1537084
Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 13 müň 746 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 176 müň  adam testden geçirilip, ýene-de 6 müň 514 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alınanlaryň sany bolsa 31 müň 219 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 4 müň 485 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 404 müň 727 adama ýetdi.

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama beren Prezident R.T.Erdogan epidemiýa garşy görülen goşmaça çäreler hakynda maglumat berdi.

Şuňa laýyklykda hepdäniň iş günleri Türkiýe wagty bilen sagat 21:00-05:00 aralygynda, hepdäniň dynç alyş günleri bolsa üznüksiz (anna 21:00-dan duşenbe 05:00-a) köçä çykma çäklendirmesi goýular.

Bilim, transport, hyzmatlar pudaklarynda-da görülen çäreleriň geriminiň giňeldilendigini beýan eden Erdogan, birinji tapgyrda isleg bildirilen 50 million doza sanjymyň geljek aý urulmaga başlanjakdygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar