Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan mesele bilen bagly beýanat berildi

1535389
Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge we ol ýerde hüjüm guramaga synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Parahatçylyk Çeşmesi sebitindäki asudalyk we durnuklylyk gurşawyny bozmak maksady bilen sebite girmäge we ol ýerde hüjüm guramaga synanyşan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy, üstünlikli geçen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Sebitdäki parahatçylygyň we asudalygyň dowam etmegi üçin her dürli çäre görülmäge dowam ediler" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar