“Doganym Prezident Erdogan Bilen Katar-Türkiýe Hyzmatdaşlygy Meselesinde Netijeli Gepleşik Geçirdim”

Kataryň Emiri Al Sani, Türkiýede saparda boldy

1535216
“Doganym Prezident Erdogan Bilen Katar-Türkiýe Hyzmatdaşlygy Meselesinde Netijeli Gepleşik Geçirdim”

 

Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani, Türkiýede saparda boldy.

Emir Al Sani, Twitterden sapary hakynda beren habarnamasynda “ Doganym Prezident R. T. Erdogan bilen Ankarada Katar-Türkiýe hyzmatdaşlygy meselesinde netijeli gepleşik geçirdim” diýdi.

Iki ýurduň halklarynyň bähbidi üçin gün saýyn ösýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen iki ýurduň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylmagyna karar berendiklerini aýdan Al Sani, Prezident Erdogan bilen özara gatnaşyklar we käbir kynçylyklar bilen birlikde halkara we sebitara meseleleri seljerendiklerini belledi.

Emirlik Diwanyndan berlen ýazmaça beýannamada hem, Kataryň Emiri Al Sanininiň sapary sebäpli Prezident Erdogana sagbolsun aýdandygy, türk halkyna bagtyýarlyk, Prezidente hem işlerinde rowaçlyk arzuw edendigi ýatladyldy.

Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani, Türkiýe-Katar Ýokary derejeli strategik komitetiniň 6-njy maslahatyna gatnaşmak üçin düýn Ankara gelipdi.

Prezdent Erdogan bilen Kataryň Emiri Al Saniniň ýolbaşçylygynda geçirlen maslahatda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda 10 şertnama baglaşypdy.

 



Degişli Habarlar