Çawuşogly Maldiwli we Çadly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

Mewlüt Çawuşogly Niger döwletinde Maldiwli we Çadly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

1535300
Çawuşogly Maldiwli we Çadly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 47-nji Daşary işler ministrler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen giden Nigeriň paýtagty Niameý şäherinde Maldiwli we Çadly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Mewlüt Çawuşogly, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 47-nji Daşary işler ministrler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak we ikiçäk duşuşyklar geçirmek maksady bilen Nigeriň paýtagty Niameý şäherine bardy. 

Ministr Çawuşoglyny, howa menzilinde Nigeriň Daşary işler ministri Kalla Ankourao garşylady. 

Mewlüt Çawuşogly, geçirilen maslahatyň çäginde Çadyň Daşary işler ministri Amine Abba Sidik we Maldiwler döwletiniň Daşary işler ministri Abdullah Şahid bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi. 

Twitter hasabyndan maslahat bilen bagly beýanat beren Çawuşogly, Çadyň Daşary işler ministri Amine Abba Sidik bilen netijeli gepleşik geçirendigini belläp: "Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze Baş sekretarynyň saýlawyny maslahatlaşdyk. Çadly doganlarymyza bilim we galkynyş ugurlary boýunça goldawymyz dowam eder" diýip habar berdi. 

Çawuşogly mundan başgada Maldiwler Döwletiniň Daşary işler ministri Abdullah Şahid bilen duşuşyk geçirendigini nygtap: "Ykdysadyýet, söwda, oba hojalyk we bilim ugurlary başda bolmak bilen hyzmatdaşlygymyzy ähli ugurlar boýunça ösdüreris. Türk howaýollary kärhanasynyň Male şäherine başladan uçar saparlary ýurtlarymyzyň arasyndaky syýahatçylyga möhüm goşant goşar" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar