Türkiýe bilen Kataryň arasynda Ýokary derejeli strategik komitediň maslahaty geçirilýär

Maslahata Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani ýolbaşçylyk edýär

1534952
Türkiýe bilen Kataryň arasynda Ýokary derejeli strategik komitediň maslahaty geçirilýär

Türkiýe bilen Kataryň arasynda tapawutly ugurlar boýunça özgerýän we ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde geçirilýän Türkiýe-Katar Ýokary derejeli strategik komitediň maslahatynyň 6-njysy paýtagt Ankarada geçirilýär. 

Maslahata Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani ýolbaşçylyk edýär. 

Türkiýe-Katar Ýokary derejeli strategik komitediň maslahatynyň 6-njysy üçin Türkiýä gelen Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani, Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan paýtagt Ankara şäherinde Beştepede resmi dabara bilen garşylandy. 

Dabaradan soň ikiçäk duşuşyk geçirmäge geçen Erdogan we Al Sani, ondan soň bolsa toparara geçiriljek gepleşige ýolbaşçylyk ederler. 

Gepleşikler tamam bolanyndan soň, iki ýurdyň arasynda tapawutly ugurlar boýunça şertnamalara gol çekiler. 

Prezident Erdogan we Al Sani, soňky 70 aýda 18 maslahat geçirdiler. Bu görkeziji bolsa iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we döwletlerarasy gatnaşyklar taýdan örän manylydyr.


Etiketkalar: #Katar , #Türkiýe

Degişli Habarlar