TRT World Forumyň Başlamagyna Sanaglyja Gün Galdy

TRT World Forum 2020, şu ýyl “Pandemiýadan soňky dünýäde halkara ulgam we özgeren dinamikalar” temasy bilen dekabr aýynyň 1-2-si aralygynda geçirler

1534673
TRT World Forumyň Başlamagyna Sanaglyja Gün Galdy

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek forumyň birinji oturlyşygynda Türkiýäniň Radio telewideniýe guramasy TRT-niň Dolanşyk geňeşiniň başlygy we Baş müdüri İbrahim Eren çykyş eder.

Dünýäniň çar tarapyndan foruma gatnaşjak liderler, hünärmenler we alymlar, Kowid-19 epidemiýasyndan soňky döwür hakynda pikir alyşar.

Forumyň çäginde 8 oturlyşyk, tegelek stoluň başynda 8 maslahat we 4 söhbetdeşlik guralar.

Forumda “Pandemiýa döwründe ýaýlym ulgamy we medianyň güýji”, “Ýewropa, Aziýa we Afrika Ýaýlym Bileleşikleriniň ýolbaşçylary bilen gün tertibine getiriler.

Açyk oturlyşyklarda “Pandemiýa döwründe global saglyk meselelerine bilelikdäki çözgütler” “İş we bilim pudagynyň geljegi”, “Syýahatsyz dünýä”, “Epidemiýa pursatmy ýa-da çykgynsyzlyk” ýaly ençeme mowzuk ara alynyp maslahatlaşylar.

“Özerýän dünýä ulgamynda türk daşary syýasaty”, “Söweş we pandemiýa: Siriýada we Ýemende ýaşaýyş göreşi”, “Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşygynyň soňy” ýaly ýörite mowzuklar hem abraýly bilermenler tarapyndan ýapyk oturlyşyklarda seljeriler.

TRT World Foruma ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň Syýasaty meýilleşdiriş bölüminiň direktory Peter Berkowit, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Başlygy Açim Steýner, Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalyn, professor hirurg Mehmet Öz ýaly 40-dan gowrak bilermen gatnaşar.

TRT World Forum 2020-ä ýazylmak we has giňişleýin maglumat almak üçin www.trtworldforum.com internet adresi açyk bolar



Degişli Habarlar