Mewlüt Çawuşogly Maradonanyň ýogalmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Argentinaly meşhur futbolçy Diýego Armando Maradonanyň ýogalmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1534474
Mewlüt Çawuşogly Maradonanyň ýogalmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Twitter hasabyndan beýanat beren Mewlüt Çawuşogly, Ispan dilinde: "Hoş sag bol 10 belgi. Ýatan ýeriň ýagty bolsun" diýip nygtady. 

Mewlüt Çawuşogly, Maradonanyň 10 belgili formasy bilen suratyny paýlaşyp: "Bize görkezen ähli owadan oýunlaryň we dünýä futbolyna goşan goşantlaryň üçin sag bolsun aýdýaryn" diýip belledi. 

Maradona düýn Buenos Aýres welaýatynyň Tigre şäherinde, ýürek ýetmezçiligi we öýken keseli sebäpli ýogaldy. 60 ýaşynda bolan Maradona noýabr aýynyň başynda beýnisini operasiýa etdiripdi we 8 gün soň hassahanadan öýüne ugradylypdy. 

Argentinada hökümet, Maradonanyň ýogalmagy sebäpli ýurtda 3 günlik ýas yglan etdi. 

Ýurdyň Döwlet baştutany Alberto Fernandez, Maradonanyň Prezident köşgi Kasa Rosada getiriljekdigini we jynaza çäresiniň ol ýerde geçiriljekdigini habar berdi. 

Ýerli metbugat halka açyk ýagdaýda geçiriljek jynaza çäresine takmynan 1 million adamyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar