Prezident Erdogan: "Türkiýe hökmünde asla ekspansionist syýasat alyp barmaýarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň sebitleýin meseleler bilen gyzyklanýan mahaly asla ekspansionist syýasat alyp barmaýandygyny belledi

1534125
Prezident Erdogan: "Türkiýe hökmünde asla ekspansionist syýasat alyp barmaýarys" diýdi

Adalat we ösüş partiýasynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde geçirilen maslahatynda çykyş eden Prezident Erdogan: "Türkiýe hökmünde sebitleýin meseleler bilen gyzyklanýan mahaly, global ulgamyň adalatsyzlyklaryny aýdýan mahaly ýa-da krizislere garşy göreş alyp barýan mahaly asla ekspansionist syýasat alyp barmaýarys. Biziň hiç bir ýurdyň topragynda gözümiz ýok, biz öz milli howpsuzlygymyzy üpjün etmäge synanyşýarys" diýip belledi. 

Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy söweşen NATO agza ýeke täk ýurdyň Türkiýedigini aýdan Erdogan, Türkiýäniň 9 müňe golaý daşary ýurtly terrorçyny tussag edip, öz ýurtlaryna ugradandygyny mälim etdi. 

Ýewropa Bileleşiginiň Irini operasiýasynyň çäginde Ortaýer deňizinde Türk gämisine garşy edilen hukuga bap gelmeýän barlag işleriniň geçirilendigini aýdan Prezident Erdogan, Gresiýanyň we Kipriň Grek böleginiň ähli öjükdiriji hereketlerine garamazdan, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde sowukganly hereket etmegine garamazdan bir türk gämisine hüjüm guralandygyny belläp: "Şol edilenler halkara deňiz hukugyna bap gelmeýär" diýip nygtady. 

Türkiýäniň Daglyk Garabagda 30 ýyllyk adalatsyzlygyň bes edilmegine goşant goşandygyny ýatladan Erdogan: "Ýurdumyzyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň topragy bolan Garabagdaky ermeni basyp alyşlyk bes edildi, hemişelik çözgüt bilen bagly umytlar ilkinji gezek artdy. Türkiýe, Azerbaýjan we Russiýa hökmünde sebitde parahatçylygyň güwäçisi bolarys. Takmynan 30 ýyllyk möhletden soň hem bolsa adalat ýerine gowuşdy, Garabagda Azerbaýjanyň baýdagy pasyrdaýar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar