Erdogan Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde 17 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getiren desantlary gutlady

Prezident Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda eden çykyşynda terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi

1534298
Erdogan Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde 17 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getiren desantlary gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, düýn Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 17 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getiren desant güýçlerini gutlady. 

Prezident Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda eden çykyşynda terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi. 

Erdogan: "Düýn Parahatçylyk Çeşmesi sebitine 17 terrorçy girmäge synanyşdy. Olar gahryman desant güýçlerimiz tarapyndan öldürildi. Men milletimiziň adyndan desant güýçlerimiziň alnyndan öpýärin, bu olaryň gahrymanlarça eden ilkinji ädimi däl, nesip bolsa soňky hem bolmaz" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm gurandyklary mälim edildi. 

Beýanatda, Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 17 terrorçynyň desant güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 


Etiketkalar: #desant , #TBMM , #Erdogan

Degişli Habarlar