Taksiniň sürüjisi ulagda ýatdan çykarylan 300 müň ýewrony eýesine gowşurdy
Türkiýede taksiniň sürüjisi ulagda ýatdan çykarylan 300 müň ýewro puly eýesine gowşurdy
1533141

Türkiýäniň Stambul şäherinde taksiniň sürüjisi müşderisi tarapyndan ulagynda ýatdan çykarylan 300 müň ýewro puly eýesine berdi.
Stambul howa menzilinden daşary ýurtly bir ýolagçy alan taksiniň sürüjisi, müşderisini myhmanhana elteninden soň, ulagyň arka tarapynda sumka tapdy.
Taksiniň sürüjisi ýolagçynyň ýatdan çykaran sumkada daşary ýurt walýutasynyň bardygyny gördi.
Müşderisiniň ýerleşen myhmanhana jaň edip aragatnaşyga geçen sürüji, içinde 300 müň ýewro pul bolan sumkany ol ýerde eýesine gowşurdy.
Degişli Habarlar

Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 168 Boldy
Jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 254 müň 52 adama ýetdi