Prezident Erdoganyň Mugallymlar güni mynasybetli ýüzlenmesi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň mümkinçilikleri artdygy saýyn, mugallymlary maliýe we sosial taýdan goldamaga dowam etjekdiklerini mälim etdi

Prezident Erdogan, 24-nji noýabr Mugallymlar güni mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde, hormatlanyşlary ýaly jogapkärçiligi hem agyr bolan käri ýerine ýetirýän ähli mugallymlary, hem öz adyndan, hem-de milletiň we ýurdyň adyndan tüýs ýüreginden gutlaýandygyny belledi.
Mugallymlaryň, öwredýänleri bilen birlikde bilim berýän, ýetişdirýän, terbiýeleýän, okuwçylarynyň içindäki gymmatlyklarynyň üstünde sabyrlylyk bilen işleýän we ýüze çykarýan bir adamdygyny aýdan Erdogan, güýçli jemgyýet, güýçli Türkiýe maksadyna diňe hünärli nesil, asyl we milli bir bilim syýasaty bilen ýetip biljekdiklerini beýan etdi.
Erdogan: "Bilim we ylym ulgamymyzyň esasy sütüni bolan mugallymlarymyzyň maliýe we sosial mümkinçiliklerini güýçlendirmäge, olara asuda we howpsyz bir iş gurşawyny hödürlemäge özümiz üçin borç saýarys. Ýurdumyzyň mümkinçilikleri artdygy saýyn ilkinji nobatda mugallymlarymyzy goldamaga dowam ederis" diýip belledi.
Millet mekdepleriniň açylýan we Gazy Mustafa Kemal Atatürke Baş mugallym ady dakylan bu manyly günde, hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda iş alyp barýan ähli mugallymlara minnetdarlyk bildiren Erdogan, ähli bilim ulgamynyň işgärlerini 24-nji noýabr Mugallymlar güni bilen gutlady.
Degişli Habarlar

Türkiýe Gwatemala Gynanç Bildirdi
Gwatemalada ýolagçy awtobusynyň heläkçilige uçramagy sebäpli 51 adam ýogalypdy.