Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

Milli Howpsuzlyk gullugy operasiýa bilen bagly beýanat berdi

1533316
Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

Ekstremist terror guramasy PKK/KJK-nyň gatnaw işlerinden jogapkär ýolbaşçysy Dyhlaz adyny ulanýan Hizret Çalkyn Yragyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Milli Howpsuzlyk gullugy, Terrordan gözlenýänleriň sanawynda çal kategoriýa boýunça gözlenýän we PKK/KJK-nyň Yrak bilen Siriýanyň arasynda terrorçylary gatnadýan gatnaw işlerinden jogapkär ýolbaşçysy Hizret Çalkynyň ýygnaga gatnaşjakdygy barada maglumat aldy. 

Milli Howpsuzlyk gullugynyň meýdandaky işgärleri tarapyndan berk ýagdaýda yzarlanan we ýygnagyň geçiriljek ýerine çenli gözegçilik edilen terrorçy Hizret Çalkynyň, beýleki terrorçylar bilen bir ýere üýşendigi anyklandy. 

Terrorçylaryň Yragyň demirgazygynda maslahat geçirýän mahallary geçirilen operasiýada Dyhlaz adyny ulanýan Hizret Çalkyn bilen ýanyndaky beýleki terrorçylar täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Beýleki tarapdan Wan welaýatynda Žandarma güýçleriniň eden tagallalarynyň netijesinde PKK-nyň Yrakdaky ýöriteleşdirilen toparynyň serkerdesi bolan terrorçy, howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 



Degişli Habarlar