Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş telefon telefon söhbetdeşliginde özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy

1531095
Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Çawuşoglu bilen Raab telefon söhbetdeşliginde Kipr, Liwiýa we Daglyk Garabag meselesi hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Ispaniýanyň Daşary işler, ÝB we hyzmatdaşlyk ministri Gonzales Laýa bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon telefon söhbetdeşliginde özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Mewlüt Çawuşoglu, Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligi barada Twitterden beren habarnamasynda, Erbiliň welaýat häkimi Ferset Sofiniň täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalandygy sebäpli Barzana gynanç bildirendigini nygtady.



Degişli Habarlar