Türksat 5A Dekabr Aýynda, Türksat 5B 2021-nji Ýylyň Birinji Ýarymynda Älem Giňişligine Uçurylar

Ulaglar we infrastruktura ministrli Adil Karaismailogly Türksat 5A-nyň dekabr aýynda, Türksat 5B-niň bolsa 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda älem giňişligine uçuryljakdygyny beýan etdi

1530571
Türksat 5A Dekabr Aýynda, Türksat 5B 2021-nji Ýylyň Birinji Ýarymynda Älem Giňişligine Uçurylar

Karaismailogly Ulaglar we infrastruktura ministrligi bilen degişli edaralaryň 2021-nji ýyldaky býujeti boýunça Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Maksatnamalar we býujet toparyndaky brifinginde 2002-nji ýylda Türkiýede başlan “täze ulaglar we aragatnaşyk döwrüniň” täzeleniş, özgerdiş tapgyrynyň dowam edýändigini aýtdy.

Şol özgerlişigiň ulaglar we aragatnaşyk pudaklarynda bitewi galkynyşa esaslanýan mobilizlenme, digitallaşma, logistiki dinamikalary bilen ugrukdyrylýan, täze, netijeli we dünýäni sebite integrirlemegi maksat edinýän ynamly tapgyry alamatlandyrýandygyny nygtan Karaismailogly, şeýle ynamly maksada gönügip, taslamalar bilen ýurdy hasam ösdürmek ugrunda tagalla edýändiklerini aýtdy.

Ministr Karaismailogly brifinginde Türksat 5A Dekabr Aýynda, Türksat 5B 2021-nji ýylyň birinji  ýarymynda älem giňişligine uçuryljakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar