Türkiýäniň suw giňişliginiň çäginde ençeme bosgun halas edildi

Bosgunlar deslapky işlerinden soň welaýat Migrasiýa edarasyna alynyp gidildi

1529196
Türkiýäniň suw giňişliginiň çäginde ençeme bosgun halas edildi

Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etrabynda Gresiýanyň kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 27 bosgun halas edildi. 

Maden adasynyň golaýynda çiýşirilen gaýykda bosgunlaryň bardygy barada maglumat alan Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar şol bada işe girişdiler. 

Grekler tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen çiýşirilen gaýykdaky 27 bosgun, Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan halas edildi. 

 

Mersin welaýatynyň suw giňişliginde hem 13 bosgun saklandy. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň resmi internet saýtynda berilen habara görä, halas ediş toparlar Mersin welaýatynyň suw giňişliginde hususy gaýyklaryň birinde bosgunlaryň bardygy barada maglumat aldy. 

Sebite gönükdirilen toparlar, hususy gaýykdaky 13 bosguny gury ýere çykardylar. 

 

Izmir welaýatynyň Seferihisar etrabynda bolsa, balyk hojalygynyň kapasasyna süsen gaýykdaky 107 bosgun halas edildi. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyndan berilen beýanata görä, Sygajyk Kokar aýlagynyň golaýynda içinde bosgunlar bolan gaýygyň balyk hojalyk kapasasyna süsendigi barada maglumat alyndy. 

Halas ediş toparlar gaýykdaky 107 bosguny gysga wagtyň içinde halas edip ýetişdiler. 

Bosgunlar deslapky işlerinden soň welaýat Migrasiýa edarasyna alynyp gidildi. 


Etiketkalar: #Izmir , #Balykesir , #Mersin , #bosgun

Degişli Habarlar