Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 103 boldy

1529481
Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 11 müň  697 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 156 müň 692 adam testden geçirilip, ýene-de 3 müň 819 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 2 müň 688 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 359 müň 63 adama ýetdi.

Ankarada geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň epidemia garşy goşmaça çäreleriň goýulandygyny beýan eden Prezident R.T.Erdogan orta mekdepleriň ýylyň ahyryna çenli dersleri onlaýn görnüşde bermäge dowam etjekdigini, hepdäniň dynç alyş günlerinde Türkiýe wagty boýunça sagat 10:00-20:00 aralygynda köçä çykmagyň çäklendiriljekdifgini, söwda merkezleriniň, dükanlaryň, dellekhanalaryň we gözellik salonlary ýaly kärhanalaryň iş sagatlarynyň hem bellenen tertipde çäklendiriljekdigini, ähli sport bäsleşikleriniň janköýersiz geçiriljekdigini, kino-konsert zallarynyň ýylyň ahyryna çenli ýapyk boljakdygyny, restoranlaryň paket serwis hyzmatyny berjekdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar