Türkiýe Gresiýanyň Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly beýanatyna jogap berdi

Türkiýe Gresiýanyň Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly beýanatlarynyň hiç hili gymmadynyň bolmandygyny belledi

1526271
Türkiýe Gresiýanyň Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly beýanatyna jogap berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde geçirýän seýsmiki derňewi bilen baglanşykly beýanaty barada berilen soraga ýazmaça jogap berdi. 

Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Oruç Reis gämisiniň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki kontinental şelfinde geçirmäge dowam edýän seýsmiki derňew işleri bilen baglanşykly nägileliklerini bildirip ýene-de bir beýanat berendigini aýdan Hami Aksoý: "Bu beýanatlar Gresiýanyň halkara hukuga we adatlara ters bolup, maksimalist deňiz serhetlerine esaslanýar we onuň biz üçin hiç hili gymmady ýokdyr. Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde halkara hukugyň çäginde hem öz hem-de DKTR-nyň kanuny hak we bähbitlerini goramaga dowam eder. Gresiýa sebitde çözgüt isleýändigi baradaky beýanatlaryny ýürekden berýän bolsa, onda ol dartgynlygy artdyrjak beýanatlar bermekden, harby hereketlerden we üçünji taraplara Türkiýä garşy ýalňyş beýanatlar bermekden saklanmaly we öjükdirmegiň ýerine, şertsiz ýagdaýda dialog bilen bagly çagyryşlarymyza oňyn jogap bermelidir" diýip belledi. 



Degişli Habarlar