Siriýaly Siam Ekizler Ankara Getirildi
Ekiz gyzjagazlar Hajattepe uniwersitetiniň Ihsan Dogramajy Çagalar hassahanasynda bejergi alar
1526528

Siriýanyň Afrin şäherinde 14 gün ozal doglan ýapyşyk(siam) ekizler, Hataý welaýatyndan Saglygy Goraýyş Ministrligine degişli tiz kömek uçar bilen paýtagt Ankara getirildi.
4 kilogram 200 gram agyrlygynda doglan siam ekiz gyzjagazlar, 4-nji noýabrda Hataýyň Kumlu etrabyndaky Zeýtun Şahasy gümrük geçelgesinden alynyp Hataý Mustafa Kemal uniwersitetiniň ylmy barlag hassahanasyna getirlipdi.
Siam ekizleri soň, Hataý welaýatyndan Saglygy Goraýyş Ministrligine degişli tiz kömek uçar bilen paýtagt Ankara getirildi.
Ekiz gyzjagazlar Hajattepe uniwersitetiniň Ihsan Dogramajy Çagalar hassahanasynda bejergi alar.
Degişli Habarlar

FETÖ Türkiýä Duşman, Hyýanat Ulgamydyr
Ömer Çelik FETÖ-niň ABŞ-da beren reklamasyna berk reaksiýa bildirdi