Prezident Erdogan "Gelejege Nepes, Dünýä Nepes" çäresine gatnaşdy

Prezident Erdogan, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli jemi 7 milliard ýaş nahal ekmegi maksat edinýändiklerini habar berdi

1525996
Prezident Erdogan "Gelejege Nepes, Dünýä Nepes" çäresine gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde Ýyldyrym Beýazit uniwersitetinde geçirilen "Gelejege Nepes, Dünýä Nepes" çäresine gatnaşdy. 

Geçen ýyl kabul eden kararlary bilen 11-nji noýabry Milli Bag ekmek güni hökmünde yglan edendiklerini aýdan Erdogan: "11 million ýaş nahal ekmek maksady bilen ýola çykan hem bolsak, 14 million bag ekdik" diýip mälim etdi. 

Erdogan, şu gün ýaş nahal oturtmak kampanisyna ýaňadandan başladandyklaryny belläp: "Her ýyl takmynan 12 million çaga ýaş nahal gaplaryny we tohumlary berip, öz nahallaryny özleriniň ýetişdirmegini üpjün ederis" diýip aýan etdi. 

Prezident Erdogan, ýaş nahal ekmek kampaniýasynyň beýleki ýurtlarada ýaýraýandygyny we bu taslama dünýäniň 30-a golaý ýurdy tarapyndan goldaw berilýändigini beýan etdi. 

Türkiýäniň bag ekmek işlerinde Ýewropada 1-nji, dünýäde bolsa 4-nji orundadygyny aýdan Erdogan, dünýäde tokaý barlygy azalýan mahaly Türkiýäniň tokaý barlygyny artdyrýan seýrek ýurtlaryň biridigini mälim etdi. 

Erdogan: "Edýän işlerimiz bilen ýurdumyzy tokaý barlygy taýdan dünýäde 26-njy oruna ýetirdik. Maksadymyz 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 7 milliard agajy ekmek. Her ýyl Kipr adasy ululygyndaky topragy eroziýanyň netijesinde ýitirýäris. Hepdäniň 7 güni, günüň 24 sagady tokaýlara gözegçilik edýäris. Ýangyny söndürmek işlerini 40 minutdan 12 minuda çenli azaltdyk. Bu wagt aralygyny nesip bolsa 10 minuda çenli azaldarys" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #ýaş nahal , #agaç , #bag , #Erdogan

Degişli Habarlar